Ylmy-pedagogikanyn meselelerinin halk pedagogikasynyn 'y"orelgeleri bilen utgasdyrylmagy

Автор: Bbiow N.A.

Журнал: Мировая наука @science-j

Рубрика: Основной раздел

Статья в выпуске: 5 (86), 2024 года.

Бесплатный доступ

Makalada ylmy pedagogika bilen etnopedagogikanyň meňzeşlikleri we aýratynlyklary, olaryň arabaglanyşygy beýan edilýär. Awtor etnopedagogikanyň aýratyn ylym hökmünde öwrenilmeginiň tarapdary bolup, ol bu garaýşyny türkmen halk pedagogikasyndan mysallar bilen subutlandyrýar. Etnopedagogika ylmyny ösdürmekde belli alymlaryň işlerini mysal getirýär. Makalada türkmen halk pedagogikasynyň bilim ulgamyndaky ornuna aýratyn üns çekilýär. Makalada ylmy pedagogikanyň bir ýa-da birnäçe adamlaryň zähmetiniň önümidigi, etnopedagogikanyň awtorynyň bolsa bütin halkdygy nygtalyp, etnopedagogika, ylmy pedagogikanyň gönezlik çeşmesi hasap edilýär.

Еще

Pedagogika, etnopedagogika, arabaglanyşyk, milli pedagogika

Короткий адрес: https://sciup.org/140306028

IDR: 140306028   |   DOI: 10.5281/zenodo.12545312

Текст научной статьи Ylmy-pedagogikanyn meselelerinin halk pedagogikasynyn 'y"orelgeleri bilen utgasdyrylmagy

Pedagogika bütewi ylym ulgamynyň möhüm bir bölegi bolup, ol türkmen dili we edebiýaty, taryh, etnopedagogika we beýleki ynsanperwerlik ylymlary bilen hem arabaglanyşyklydyr. Şolaryň arasynda etnopedagogika aýratyn orny eýeleýär. Dünýäniň belli alym-pedagoglarynyň köpüsi etnopedagogikany aýratyn özbaşdak ylym hökmünde däl-de, eýsem ony umumy pedagogikanyň bir bölümi hasap edýärler. Olaryň hatarynda A.I.Peskunow, W.W.Kraýewskiý, L.Ý.Zorina dagylary görkezmek bolar. Russiýa ylymlar akademiýasynyň agzasy, pedagogika ylymlarynyň doktory, professor Gennadiý Nikandrowiç Wolkow, Boris Semýonowiç Gerşunskiý we beýlekiler, milli pedagoglarymyzdan Gurban Pirliýew dagylar etnopedagogika öz öwrenýän predmeti bolan özbaşdak ylym hökmünde garaýarlar. Sebäbi, akademik G.N.Wolkowyň aýtmagyna görä, birnäçe ýyllaryň dowamynda geçirilen tejribe işleriniň netijesinde bu karara gelnipdir. Köp ýyllaryň dowamynda geçiren ylmy-barlaglarynyň netijesinde milli pedagoglarymyzdan Gurban Pirliýew hem şol garaýşy doly tassyklaýar. Biz hem özümizi ikinji pedagog alymlarynyň toparyna degişli hasap edýäris. Şeýlelikde, etnopedagogikany ylmy pedagogikanyň gönezlik çeşmesi diýip hasap etse bolar. Sebäbi, öz gelen netijelerini subut etmek, ony delillendirmek üçin adamlaryň durmuşynda birnäçe gezek tassyk bolan, artykmaç subutnama talap etmeýän we durmuşdan getirilen mysallar arkaly, ol ylmy pedagogikanyň çykaran netijeleriniň dogrydygyna ýa-da nädogrydygyna güwä geçýär. Ylmy pedagogika bir ýa-da birnäçe adamlaryň zähmetiniň önümidir. Etnopedagogikanyň awtory bolsa bütin halkdyr. Şonuň üçin hem oňa halk pedagogikasy diýip at berilýär. Şeýlelikde, ylmy pedagogika etnopedagogika bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ylmy pedagogikanyň nazary düşünjeleri subut edilende ýa-da olar delilleşdirilende etnopedagogikanyň durmuş mysallary ulanylýar. Ylmy pedagogikanyň islendik düşünjesini alanymyzda, onda şol ýerde aýdylýan düşünjeleri we bilimleri etnopedagogikanyň durmuş mysallary arkaly delillendirilmeli ýa-da subut edilmeli bolýar.

Halk pedagogikasy paýhas eleginden geçip, biziň günlerimize gelip ýetipdir. Haýsy hem bolsa bir nakyly alyp göreniňde hem, onuň birden döremändigine aň ýetirmek bolýar. Ata-babalarymyzyň birnäçe müňýyllyklaryň dowamynda sünnälenip, taraşlanyp häzirki görnüşlerine gelen atalar sözi we nakyllar halk pedagogikasynyň terbiýeçilik işinde giňden ulanylýar. Mysal üçin, «Ýatan öküze iým ýok» , «Işlemedik dişlemez», «Bir okana bar, birem dokana» we ş.m. Şeýlelikde, halk tarapyndan döredilen eserleriň, halk döredijiliginiň, däp-dessurlarynyň, urp-adatlarynyň, edim-gylymlarynyň, aýtgylarynyň, yrymlarynyň terbiýeçilik täsirli mazmunlaryny öwrenýän, özbaşdak ylma etnopedagogika diýilýär. «Etno» grek dilinden terjime edilende türkmençe «halk» diýmekligi aňladyp, «etnopedagogika» halk pedagogikasy, halk terbiýesi diýen manyny berýär.

Halk pedagogikasy adamzat döräli bäri ýaşap gelýär. Şonuň üçin hem biz ylmy pedagogikanyň paýhas çeşmesini halk pedagogikasy diýip hasap edýäris. Etnopedagogikany baýlaşdyrýan pikir ojagy bolsa maşgaladyr. Sebäbi, terbiýe maşgaladan başlanýar. Ata-ene uly ýaşly çagalaryna has köp üns bermek arkaly kämil terbiýelese, onda uly ýaşly çagalar kiçi ýaşlylary terbiýeleýär. Şeýlelikde, yzygiderlilik kategoriýasynyň kömegi arkaly halk däp-dessurlary, urp-adatlary, edim-gylymlary, yrymlary geljek nesillere üýtgewsiz galdyrylýar. Dürli nesilleriň arasyndaky arabaglanyşyk, hyzmatdaşlyk halkyň milli gymmatlyklarynyň ýitip gitmezligine getirýär. Sebäbi, bir nesil olary baýlaşdyryp, olara täze öwüşgin berip, sünneläp, taraşlap, döwrebaplaşdyryp beýleki nesillere geçirýär.

Ylmy pedagogika bir we birnäçe adamlaryň bilelikdäki döredijiliginiň önümi hasaplanýan bolsa, etnopedagogika bütin halkyň döredijiliginiň önümi bolup durýar diýip aýdypdyk. Etnopedagogika ýa-da halk pedagogiýasy adamzat döräli bäri dowam edip gelýär. Ylmy pedagogika bolsa, XVII asyrda Ýan Amos Komenskiniň ony filosofiýa ylmyndan özbaşdak ylym hökmünde bölüp aýyrmagyndan bäri dowam edýär. «Etnopedagogika» adalgasyny ilkinji gezek pedagogika ylmyna girizen pedagog Russiýanyň ylymlar akademiýasynyň akademigi, pedagogika ylymlarynyň doktory, professor G.N.Wolkowdyr. Ol milleti boýunça çuwaş bolandygy üçin, onuň köp kitaplary çuwaş halkynyň pedagogikasyny öwrenmeklige bagyşlanandyr. Ol Moskwa şäherinde halklaryň etnopedagogikasyny öwrenýän ýörite bir ylmy-barlag institutynda okap, şol ýerde ömrüniň ahyryna çenli zähmet

çekipdir. G.Wolkow dünýäde etnopedagogikanyň görnükli alymlarynyň biri hasaplanýar [7].

1995-nji ýylda Özbegistanyň paýtagty Daşkent Şäherinde Russiýa ylymlar akademiýasynyň akademigi, dünýä belli pedagog G.Wolkow belli türkmen alym-pedagogy, pedagogika ylymlarynyň doktory, professor Gurban Pirliýewiň işine birinji opponent bolup gatnaşdy we onda çykyş etdi. Şonda ol pedagogika ylymlarynyň doktory, professor G.Pirliýewiň «Etnopedagogika we häzirki zaman terbiýesi» atly doktorlyk dissertasiýasyna ýokary baha berdi. Doktorlyk dissertasiýasyny gorandan soňra G.Pirliýew dissertasiýasynyň esasynda taýýarlan monografiýasyny neşir etdi. Bu kitabynda görnükli alym-pedagog terbiýäniň ähli görnüşleri boýunça türkmen halk etnopedagogikasynyň däp-dessurlary, halk döredijiligindäki ylmy pedagogikanyň hemme ugurlary boýunça bar bolan pähimleri barada beýan edýär. Şeýle-de G.Pirliýew bu monografiýasynyň ilkinji sahypalarynda türkmenleriň ahlak terbiýesi boýunça döreden parasatlarynyň we pähimleriniň manysyny açyp görkezýär.

Türkmen halk pedagogikasynyň ösmegine goşant goşan pedagog alymlaryň ýene-de biri psihologiýa ylymlarynyň doktory, professor Baýram Basarowdyr. Ol türkmen etnopsihologiýasynyň esasyny goýan görnükli alymdyr. Ol türkmen mentalitetiniň beýleki milletleriň mentaliteti bilen meňzeşligini we tapawudyny açyp görkezýär. Şeýle hem görnükli alym B.Basarow şahsyýetiň we kollektiwiň psihologiýasyny, onuň psihologik işjeňligini, bir şahsyýetiň we bütin kollektiwiň nähili işdigini açyp görkezýär [5, 342 sah.].

Ylmy pedagogika bilen etnopedagogikanyň utgaşykly ösdürilmegi barada aýdylmaly bolanda, G.Pirliýewiň işini mysal getirip bileris. Professor Gurban Pirliýewiň «Etnopedagogika we häzirki zaman terbiýesi» atly kitabynda terbiýäniň ähli ugurlary boýunça halk pedagogikasynyň eserleri bilen türkmen milli däp-dessurlary utgaşyklylykda, sazlaşykda beýan edilýär. Kitabyň ilkinji bölümi ahlak terbiýesine bagyşlanyp, ol ýerde durmuşdan köp mysallar getirilýär. [3]. Professor Gurban Pirliýewiň «Etnopedagogika we häzirki zaman terbiýesi» atly monografiýasynda terbiýäniň beýleki görnüşleri – akyl, beden, hukuk, ykdysady, ekologik, zähmet terbiýeleri boýunça gymmatly hem ýerlikli garaýyşlar bar. Halk pedagogikasyna türkmen halk dessanlary hem degişli bolup durýar.

Bellemeli zatlaryň biri hem ylmy pedagogika bilen etnopedagogika aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ylmy pedagogika özüniň netijelerini düzgünlerini etnopedagogikanyň üsti bilen tassyklaýar. Sebäbi, halk pedagogikasy halk döredijiliginiň eserlerinden – ertekilerden, rowaýatlardan, nakyllardan, atalar sözünden, dessanlardan eposlardan, monjukatdylardan, lälelerden, hüwdilerden, aýdymlardan, gazallardan, we beýlekilerden durýar. Şolar hem ylmy pedagogikanyň öz düzgünlerini durmuşdan getirilen mysallar arkaly subut etmäge kömek edýär.

Mysal üçin ylmy pedagogikada ahlak terbiýesi terbiýäniň görnüşleri boýunça esasy görnüşi hasaplanýar. Ahlak terbiýesi her bir adamyň ahlak gylyk-häsiýetlerini alyp görkezýär. Meselem: «Ýatan öküze iým ýok» diýen nakyly alyp görsek, onda bu nakylyň ahlak manysy – ýalta, ýatagan bolsaň, onda hiç hili iýmem, çöregem, mahlasy iýmäge zat ýok diýildigidir. Bu ýerde «öküziň» üsti bilen adama sapak berilýär. Bu nakyl şeýle görnüşine birnäçe nesilleriň yzygiderliligi esasynda, ençeme müňýyllyklaryň geçmegi bilen gelipdir. Her bir türkmen däp-dessury terbiýeçilik mazmunyndan doludyr.

Terbiýe proses hökmünde akyl, ahlak, estetik, zähmet, hukuk, ekologik, ykdysady we bedenterbiýe ýaly birnäçe görnüşlerden durýar. Ýöne, iň esasysy bolup ahlak terbiýesi çykyş edýär [6]. Muny ilkinji bolup Olga Sergeýewna Bogdanowa subut etdi. Ol dünýäde bu ugurda ady belli hünärmen hasaplanýar. Hatda O.Bogdanowanyň ahlak terbiýesi boýunça pedagogika ylymlarynyň doktory alymlyk derejesini almak üçin ýazan işi dünýäde ýeke-täk hasaplanýar.

Türkmen halky dünýä medeniýetine türkmen bedewi, halysy, saz gurallary, dutary, şaý-sepleri, alabaý iti, saryja goýny, ak bugdaýy ýaly gymmatlyklary goşan millet hökmünde milli mirasynyň aýratynlygy bilen tapawutlanýar. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bu barada «Türkmen medeniýeti» atly kitabynda: «Zergärçiligi, küýzegärçiligi, halyçylygy, dokmaçylygy, binagärligi, neçjarçylygy, heýkeltaraşlygy...özünde jemleýän beýik türkmen senedi bagtyýarlyk döwrüniň milli sungatynyň özenini düzýär, döwrebap röwüşde baýlaşdyrmaga esas berýär. Türkmen medeniýetiniň umman ýaly giň dünýäsini, şirin aýdym-sazyny, joşgunly tansdyr gadymy adat-ynançlaryny, asylly-salykatly däp-dessurlaryny, çuň mazmunly edebi we çeper halk döredijiligini, döwrebap äheňli kinodyr teatr sungatynyň eserlerini birin-birin göz öňüne getirmek diýseň buýsançlydyr. Beýik pelsepäni, parasatly Oguz ýörelgelerini özünde jemleýän türkmen medeniýetiniň jadylaýjy güýje eýe bolan täsin dünýäsine umumylykda syn bereniňde, medeni baýlyklarymyz, göýä diýersiň, ak durnalaryň al-asmandaky kerweni ýaly bir-birine tirkeşip gelýän, sünnälenilip bejerilen dür däneleriniň, beýik ylhamdan we berkararlykdan, bagtyýarlykdan we galkynyşdan ruhlanan nepis haly gölleri kimin, Älemiň gözel durkunyň nurana görküni has-da artdyrýan ajaýyplygyň dünýäsine aralaşýarsyň» diýip belleýär. [2, 13 sah.].

Ýokarda beýan edilenlerden hem görşümiz ýaly, halkyň medeniýetiniň etnopedagogikada uly orny bardyr. Türkmen medeniýeti bolsa baý taryhy hem-de ata-babalarymyzyň ynsanperwerlik ýörelgelerine ýugrulandygy bilen tapawutlanýar. Bu bolsa ýaş nesilleri terbiýelemekde bahasyna ýetip bolmajak miras hem-de baýlykdyr. Hut şuňa üns çekýän Gahryman Arkadagymyz medeniýetiň syýasy hem-de parahatçylygy goramakdaky ähmiýeti barada «Şu günki Türkmenistanyň medeni ösüşi Berkararlyk baýdagyny erkana parladýan, müňýyllyklara nur çaýjak tutumly işleri üstünlikli durmuşa geçirýän Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugrudyr. Döwlet gurluşynda, syýasatda, ykdysadyýetde, sosial durmuş ulgamynda amala aşyrylýan düýpli özgerişlikleriň ruhy güýji ähli işe döredijilikli çemeleşmekde – medeni ilerlemelerdedir. Şoňa görä-de biz giň mazmuny, çeperligi we taryhy kökleri has çuň heňňamlara aralaşýandygy bilen kämilligiň ýöl görkeziji şamçyragyna öwrülen milli medeniýetimizi barha ösdürmek meselelerine aýratyn üns berýäris» diýmek bilen, aňdagalyjy usulda, örän täsirli beýan edýär.

Mahlasy, Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylmy pedagogikany öz milli aýratynlyklarymyza laýyklykda ösdürmekde etnopedagogikanyň halk döredijiliginiň eserleriniň, türkmen milli däp-dessurlarynyň aýratynlyklary göz öňünde tutulmalydyr.

EDEBIÝAT

  • 1.    Serdar Berdimuhamedow . «Ýaşlar – Watanyň daýanjy», Aşgabat: TDNG, 2023.

  • 2.    Gurbanguly Berdimuhamedow. «Türkmen medeniýeti», Aşgabat: TDNG, 2015.

  • 3.    Pirliýew Gurban. «Etnopedagogika we häzirki zaman terbiýesi», Aşgabat: Magaryf, 1995ý.

  • 4.    Pirliýew Gurban. «Türkmen halk pedagogikasy», Aşgabat: Magaryf, 1981ý.

  • 5.    Basarow Baýram . «Психология деятельностной и ценностной опосредованности жизнедеятельности коллектива», Aşgabat. 1990.

  • 6.    Богданова О.С. «Диссертация на соискание ученой степени доктора педагогических наук. Теория и практика нравственного воспитание учащихся». – Москва. 1977.

  • 7.    ru.wikipedia.org/wiki/Волков,_Геннадий_Никандрович

    "Мировая наука" №5(86) 2024

Список литературы Ylmy-pedagogikanyn meselelerinin halk pedagogikasynyn 'y"orelgeleri bilen utgasdyrylmagy

  • Serdar Berdimuhamedow. "Ýaşlar - Watanyň daýanjy", Aşgabat: TDNG, 2023.
  • Gurbanguly Berdimuhamedow. "Türkmen medeniýeti", Aşgabat: TDNG, 2015.
  • Pirliýew Gurban. "Etnopedagogika we häzirki zaman terbiýesi", Aşgabat: Magaryf, 1995ý.
  • Pirliýew Gurban. "Türkmen halk pedagogikasy", Aşgabat: Magaryf, 1981ý.
  • Basarow Baýram. "Психология деятельностной и ценностной опосредованности жизнедеятельности коллектива", Aşgabat. 1990.
  • Богданова О.С. "Диссертация на соискание ученой степени доктора педагогических наук. Теория и практика нравственного воспитание учащихся". - Москва. 1977.
  • ru.wikipedia.org/wiki/Волков,_Геннадий_Никандрович.
Статья научная